Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda işewürlik we telekeçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlajak ilkinji ýokary okuw jaýy açylar

14.425k
·
10 Few. 09:43

Şu ýyl Aşgabatda işewürlik we telekeçilik ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlajak ilkinji ýokary okuw jaýy açylar. 2700 orunlyk bina Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigine degişlidir.

Täze uniwersitet alty fakulteti, şeýle hem kitaphana, mejlisler zaly, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýlary we sport meýdançalary ýaly häzirki zaman infrastrukturany öz içine alar. Bu ýokary okuw jaýy Görogly köçesiniň 183-nji jaýynda ýerleşer.

Ozal telekeçileri taýýarlamak diňe işewürlik mekdeplerinde alnyp barylýardy, indi bolsa doly hukukly ýokary okuw jaýy peýda bolar.