Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmen küştçi Daşkentde geçirilen ýaryşda altyn kubok we 3500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragy utdy

13.519k
·
12 Few. 11:11

Türkmen küştçi Saparmyrat Atabaýew 2-nji fewraldan 12-nji fewral aralygynda Daşkentde geçirilen "Al-Biruni" atly 2-nji halkara küşt ýaryşynda "Futures" ugrunda ynamly ýeňiş gazandy.

Dokuz tapgyrdan soň, Atabaýew ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, öz ugrunda gatnaşan 10 gatnaşyjynyň arasynda iň gowy netije görkezdi. Ýeňişi üçin türkmen türgeni ýaryşyň kubogyny we 3500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.