Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy

640
·
17 Mart. 10:37

Çeşme

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji ýylyň 17-27-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär diýip, "Türkmenistan" gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.