Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy

219
·
13 Mart. 10:05

Çeşme

2025-nji ýylyň 2-10-njy mart aralygynda türkmen talyplary Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyp çykyş etdi.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary olimpiadada özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 Altyn, 10 Kümüş, 13 sany Bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Ödaýewa Medine Baş Baýragy eýeledi.

12-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglandyryş dabarasy boldy. Ýeňiji talyplara Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.