Screen not supported
Oýun sanawy
Dünýädäki iň gymmat it 5,7 million dollara satyldy
Kadabomb Okami atly güjügüň bahasy dünýä rekordyny goýdy – ol 5,7 million dollara satyn alyndy diýip, Daily.afisha.ru habar berýär.
Sekiz aýlyk Kadabomb Kawkaz goýun iti bilen möjegiň ilkinji gibrididir. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ösdürilip ýetişdirilen seýrek tohumlaryň meşhur hindi S.Satişe araçy arkaly satyldy, kolleksiýasynda eýýäm dürli tohumdaky 150-den gowrak it bar.
Kadabomb Okami ýaşlygyna garamazdan, onuň ululygy örän täsirli: agramy 75 kilograma, boýy 76 santimetre barabar. Bu ite günde 3 kilogram towuk eti berilýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ