Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary wideo bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

696
·
02 Aprel. 10:02

Çeşme

Ekologiki habardar we häzirki döwrüň ekologiýa bilen baglanyşykly meselelere çözgüt tapmak üçin döredijilikli pikirleri bolan orta mekdep okuwçylary (14-18 ýaş) we talyplar (18-25 ýaş) “Tebigatyň sesi” atly wideo bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşik ÝUNESKO hem-de Türkmenistanyň Milli Topary we "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde gurnalýar.

Bäşleşige gatnaşyjylar türkmen kompozitorlary Nury Halmamedowyň (“Nar agajy”, “Tebig bak sesi”) we Weli Muhatowyň sazlarynyň esasynda wideo şekilleri hödürläp bilerler. Wideo MP4 ýa-da MOV formatynda bolmaly.

Wideo ýazgy awtoryň familiýasy we ady ýazylan faýl görnüşinde unesco_tmexp@unesco.gov.tm we tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgylaryna ugradylmaly. Has giňişleýin maglumat üçin +99364268432, +99312940326, +99312943067 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat şäheriň gününde yglan ediler. Ýeňijilere degişli diplomlar we gymmatly baýraklar alarlar: birinji orun üçin - noutbuk, ikinji - planşet, üçünji - powerbank. Iň täsirli wideonyň awtoryna Awaza milli syýahatçylyk merkezine ýollanma gowşurylar.