Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmen milli şaý-sepleri Täjigistanda geçirilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi

533
·
25 Mart. 10:21

Çeşme

24-nji martda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde Halkara şaý-sepler forumy we “Oks hazynasynyň gözbaşynda” atly sergi geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň çäklerinde guralan sergide türkmen senetçileriniň baý däp-dessurlaryny we deňsiz-taýsyz ussatlygyny görkezýän özboluşly milli şaý-sepler görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň has-da çuňlaşmagyna, milli şaý-sepler sungatyny halkara derejesinde ösdürmegiň mümkinçilikleriniň giňelmegine goşant goşdy.