Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi

126
·
04 Mart. 12:44

Çeşme

Türkmenistanda zehinli, dile çeper, suhangöý ýaşlary ýüze çykarmak, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşigi geçirmekligiň anyk senesi ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygy tarapyndan kesgitlener we 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli ýokary hünär bilim edaralarynyň ählisinde geçirilip tamamlanar.

Bu bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, oňa degişli ministrliklerden hem-de jemgyýetçilik guramalaryn wekilleri hem gatnaşyp biler.

Bäsleşik baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz!