Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Gemini” suratlary islege görä düzedýär! Indi “Photoshop” geçmişde galarmyka?

1.727k
·
14 Mart. 14:00

Çeşme

“Google” kompaniýasy “Gemini 2.0 Flash” atly emeli intellektini hödürledi. Ol suratlary öňküsinden has aňsat işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Indi çylşyrymly fotoredaktorlar gerek däl – diňe näme üýtgetmelidigini ýazsaňyz, neýroulgam suratdaky obýektleri çalşar, köne suratlary täzelär, tekst goşar ýa-da yzky fony üýtgeder. Bu neýroulgam söhbetdeşlik arkaly işleýär: ýazmaça buýruk berlende surat täzelenýär.

“Gemini” diňe bir suratlary gowulandyrman, eýsem ýitip giden jikme-jiklikleri dikeldýär, fon goşýar we hatda köne ak-gara suratlary reňkleýär. Bu bolsa adaty ulanyjylar we ussat döredijiler üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Bu emeli intellekt eýýäm surat işlemekde geljegiň täze tapgyry hasap edilýär. Onuň mümkinçilikleri professional fotoredaktorlara-da bäsdeş bolup biler.