Screen not supported


scope

Oýun sanawy



«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistan boýunça gastrol çykyşlaryny eder

689
·
27 Few. 09:25

Çeşme

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik topary bilen bilelikde martdan aprel aýyna çenli Türkmenistan boýunça göçme çykyşlaryny amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň internet sahypasynda habar berýilär.

Çykyşlaryň maksatnamasynda - türkmen ýigitleriniň at üstünde dürli tilsimli çapyşynyň täsin sungaty, şeýle hem gyzykly sirk çykyşlary görkeziler.

Aşakda göçme çykyşlaryň tertibi bilen tanşyp bilersiňiz:

• 5-nji martdan 7-nji marta çenli - Lebap welaýatynda;

• 10-njy martdan 12-nji marta çenli - Mary welaýatynda;

• 27-nji martdan 29-njy marta çenli - Balkan welaýatynda;

• 7-nji aprelden 9-njy aprele çenli - Daşoguz welaýatynda.

Ähli çykyşlar «Türkmeniň ak öýi» binalarynda sagat 15:00 we 18:00-da geçiriler.