Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda elektron wiza hakynda kanun kabul edildi
«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler girizilip, resmi metbugatda çap edileninden soň, onda elektron wizalar baradaky täze bent peýda boldy.
Täze elektron resminama Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumat ulgamy arkaly resmileşdiriler we daşary ýurt raýatlaryna ýurda girmegi, onuň çäklerinde bolmagy we üstaşyr geçmäge rugsat berer.
Şeýle hem, «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna aşakdaky maglumat goşuldy:
«Elektron wizalar resmileşdirilende Türkmenistana gelmek üçin çakylyklaryň resmileşdirilmegi we berilmegi talap edilmeýär.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamyndaky çakylygyň elektron görnüşde resmileşdirilmegi ýa-da elektron wizanyň resmileşdirilmegi barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna, Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde habar iberilýär.».
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ