Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Google” kompaniýasy emeli intellektiň iň akylly “Gemini 2.5 Pro” atly modelini hödürledi

620
·
27 Mart. 11:34

Çeşme

Google kompaniýasy “öz taryhyndaky iň akylly modeli” diýip atlandyran “Gemini 2.5 Pro” EI modelini hödürledi. Bu neýroulgam “Gemini 2.5” toplumynyň bir bölegi bolup, maglumat seljeriş, programmirleme we çylşyrymly meseleleri çözmek boýunça öňki görnüşlerden üstün çykýar.

“Gemini 2.5 Pro” kämilleşdirilen esasy modeli we öwrediş täzeden işlenip düzülmegi arkaly öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrdy. “Google” bu görnüşiň ulanyjylaryň islegleri esasynda modelleri bahalandyrýan “LMArena” sanawynda birinji orny eýeländigini, şeýle hem matematika (AIME 2025) we ylym (GPQA Diamond) boýunça iň gowy netijeleri görkezendigini belleýär.

Indiki hepdelerde “Gemini 2.5 Pro” emeli intellekti “Vertex AI” meýdançasynda elýeterli bolar, soň bolsa “Google” bu EI modeliniň giň gerimli taslamalarda ulanylmagy üçin nyrhnamalary hödürlär. Häzirki wagtda model töleg edýän müşderilere elýeterlidir.