Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Microsoft 28-nji maýa çenli emeli aň boýunça mugt okuwlary hödürleýär. Siz hem gatnaşyp bilersiňiz!

1.823k
·
10 Aprel. 10:21

Çeşme

Microsoft korporasiýasy «AI Skills Fest» atly giň möçberli çäräniň başlandygyny mälim etdi. 50 gün dowam etjek çärede gatnaşyjylara emeli aň boýunça mugt okuwlar hödürlener. 2025-nji ýylyň 8-nji aprelinden 28-nji maýyna çenli aralykda göni ýaýlymda sapaklar, türgenleşikler, amatly görnüşdäki okuwlar we hakatonlar geçiriler. Gatnaşyjylar öz bilim derejesini ýokarlandyryp, Microsoft-a dünýä rekordyny goýmakda ýardam berip bilerler. Bu barada «MakeUseOf» habar berýär.

Täze başlaýanlar üçin maşyn öwrenişi (machine learning) we tebigy dili işläp taýýarlamak (natural language processing) ýaly esasy düşünjeleri öz içine alýan giriş sapaklary göz öňünde tutulýar. Has tejribeli gatnaşyjylar bolsa çuňlaşdyrylan mowzuklar bilen tanşyp, emeli aň agentlerine esaslanýan çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça hakatonlara gatnaşyp bilerler. Okuwlar 30-dan gowrak dilde elýeterli edilýär.