Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyry tamamlandy

26.418k
·
15 Few. 10:13

Düýn Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. "Arkadag" we "Nebitçi" toparlarynyň duşuşygynda “Arkadagyň” 4:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Annaýew we Durdiýew ýeňiji topar üçin hersi iki gol geçirdi, Baýramow bolsa nebitçiler üçin ýeke-täk goluň awtory boldy.

Tapgyryň beýleki iki duşuşygynyň hersi 2:1 hasabynda tamamlandy. “Merwiň” “Şagadamdan” üstün çykmagy Nazzýewiň we Berdimyradowyň gollary bilen üpjün edildi, “Ahal” bolsa “Aşgabat” topary bilen duşuşygynda Berenowyň we Gowşudowyň gollary bilen üç utuk gazandy.