Screen not supported
Oýun sanawy
Dünýä belli stilist Liliýa Rah türkmenleriň milli köýnekleri bilen ylhamlandyryldy
Duşenbe şäherinde geçirilen “Oksyň hazynalarynyň gözbaşynda” atly halkara şaý-sepler forumynyň we sergisiniň çäklerinde öňdebaryjy şaý-sepler brendleri bilen bilelikde guralan egin-eşikleriň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň HHM-i habar berýär.
Tanyşdyrylyşda Türkmenistanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän lybaslaryň toplumyny hödürlän “Mähirli Zenan” moda öýüniň egin-eşiklerine aýratyn üns berildi.
“Mähirli Zenan” türkmen moda öýi bilen meşhur modaçy Liliýa Rahyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky şertnama gol çekmek dabarasy çäräniň möhüm wakasyna öwrüldi. Bu şertnamanyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli uly göwrümli moda tanyşdyrylyşy bilen birlikde birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmen geýimlerine we milli lybaslara uly gyzyklanma bildiren Liliýa Rah olaryň özboluşly aýratynlyklaryny we baý mirasyny belläp, türkmen dizaýnerleri bilen bilelikde täze lybaslary döretmäge ruhlanandygyny aýratyn belledi.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ