Screen not supported
Oýun sanawy
“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy
21-nji fewralda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada federasiýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu tapgyrda “Merw” toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Arkadag şäheriniň adybir topary toplan 12 utugy bilen wagtyndan öň baş baýraga mynasyp boldy.
4-nji tapgyryň çäginde “Şagadmy” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “”Ahal” topary ýaryş tertibinde ikinji orny eýeledi. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Nebitçi” “Aşgabatdan” 1:0 hasabynda üstün çykdy.
TFF-niň Kubogynyň jemleýji, 5-nji tapgyrynyň “Şagadam” – “Nebitçi”, “Merw” – “Ahal” hem-de “Aşgabat” – “Arkadag” duşuşyklary 23-nji fewralda geçiriler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ