Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Moskwada Türkmenistanyň agşamy geçiriler

1.470k
·
17 Mart. 09:19

Çeşme

20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” türkmen medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp waka öwrüljek Türkmenistanyň agşamy geçiriler. Bu agşam Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň we Russiýanyň müftiler geňeşiniň goldawy bilen guralar.

Bu çärä Russiýada ýaşaýan türkmenleriň, diplomatlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Agşamyň maksatnamasy döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, milli gurallarda türkmen sazlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetini we taryhyny açyp görkezýän wideoşekilli tanyşdyryşlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň agşamy Moskwanyň raýatlary we myhmanlary üçin türkmen däp-dessurlary we medeniýeti bilen tanyşmak, şeýle hem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

"Remezan çadyry" Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlaryň ruhy edarasynyň goldawy bilen Moskwanyň Musulmanlaryň ruhy edarasy we Moskwanyň Hökümeti tarapyndan her ýyl geçirilýän medeni we haýyr-sahawat taslamasydyr. Bu ýyl taslama Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlanýar we “Ýat wagtdan güýçlidir” şygary astynda geçirilýär.