Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Aşgabatda jemagat hyzmatlary onlaýn töleýän maşgalalaryň sany artýar

416
·
18 Few. 12:26

Çeşme

Aşgabat şäher häkimliginiň e.ashgabat.gov.tm sanly hyzmatlar portaly raýatlaryň, hususan-da, ýaş maşgalalaryň arasynda meşhurlyk gazanýar. Ýaşaýjylar bu meýdança arkaly suw üpjünçiligi, zibilleri alyp gitmek we beýleki jemagat hyzmatlar üçin tölegleri işjeň ýerine ýetirýärler.

Tölegleri amala aşyrmak üçin ulanyjylar internete birikdirilen enjam we bank kartasyna eýe bolmalydyr. Portaldan peýdalanmaga başlamazdan öň, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginden ýa-da degişli ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginden şahsy hasap belgini almak zerurdyr.

Jemagat hyzmatlary tölemekden başga-da, bu portal dürli güwänamalary almak mümkinçiligini hem hödürleýär. Bu bolsa ýaşaýjylaryň jemagat gullugy bilen aragatnaşygyny has amatly we netijeli edýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portalyndan daşary ýene bir peýdaly hyzmat bar. Ol şäher ilatyna kompýuteri ulanmazdan gündelik meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän “Sanly şäher” mobil goşundysydyr. Ulanyjylar hyzmatlaryň tölegini ýerine ýetirip hem-de zerur maglumatlary gönüden-göni öz smartfonlaryndan alyp bilerler