Screen not supported
Oýun sanawy
Türkmenistanda “Zenan - Zeminiň zynaty” bäsleşigine badalga berilýär
«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan edýär. Bu baradaky degişli bildiriş gazetde çap edildi.
Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) ýokarda aýdylanlar babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurtda sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdirýän enelere hormatly adyň dakylýandygy, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar beýan edilmelidir.
Makalalardyr oçerkler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli, yhlasly zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeş zenanlara, uzak ýaşly enelere, milli sungaty, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 1-nji martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener!
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ