Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmen talyplary Indoneziýadaky halkara bäsleşikde altyn medallara mynasyp boldy

1.918k
·
26 Few. 08:40

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiýasynyň guramagynda geçirilýän Ýaşlaryň halkara ylym sergisi (YISF) bäsleşigine gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyň ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edip, şu aşakdaky netijeleri gazandylar:

Daşky gurşawy goramak ylmy kategoriýasy boýunça 1-nji orna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.

Malaýziýanyň ýaş alymlar guramasynyň (MYSO) 2025-nji ýylyň iň gowy ylmy iş üçin Ýörite baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.

Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiýasynyň (IYSA) iň gowy ylmy iş üçin «semi grand award» baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Ýaşlaryň Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylmy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip, oňa 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.