Screen not supported


scope

Oýun sanawy



BAE-de agramy azaltmak boýunça pul baýrakly bäsleşik yglan edildi

50.439k
·
12 Few. 10:07

Birleşen Arap Emirliklerinde “RAK Biggest Weight Loss Challenge” atly her ýylky bäsleşik başlaýar. Gatnaşyjylar her ýitirilen kilogram üçin 300 dirhama çenli pul gazanyp bilerler. Bäsleşik 21-nji fewraldan 22-nji maýa çenli dowam eder.

Şu ýyl täze ugurlar: maşgala, korporatiw we mekdep işgärleri toparlary girizildi. Pul baýraklaryndan başga-da, ýeňijilere syýahat ýollanmalary, fitnes zallaryna agzalyk we sowgat kartlary berler.

“RAK Hospital” saglygy goraýyş edarasynyň ýerine ýetiriji direktory doktor Raza Siddiki bäsleşigiň dürli ýurtlardan gatnaşýanlary özüne çekýändigini we ony has giňeltmegi meýilleşdirýändiklerini belledi. Munuň özi häzirki döwürde bu ýaryşa diňe BAE-niň ýaşaýjylary gatnaşyp bilýän bolsa, geljekde başga ýurtlaryň raýatlaryň gatnaşyp bilmegini göz öňüne tutulýandygyny aňladýar.

Geçen ýyl bäsleşige 18 müň adam gatnaşdy, olaryň biri 30 kg agram ýitirip, 9 müň dirham gazandy.