Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Şu ýyl Türkmenistanda täze obalar peýda bolar

12.624k
·
10 Few. 08:43

Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda täze döwrebap obalar gurlar. Olar "Öňaldy" (Ak-Bugdaý etraby), "Gowşut" (Kaka etraby) geňeşliklerinde, Gyzylarbat etrabynda (Balkan welavaty) peýda bolarlar. Şeýle hem, Köneürgenç etrabynda täze şäherçe gurlar.

2025-nji ýylda "Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň" çäklerinde uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde umumy meýdany 500 müň inedördül metre barabar ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga beriljekdigini belledi.

Şeýle hem, 2025-nji ýyldaky esasy infrastruktura taslamalary bolan Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtoulag köprüsi we Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary-Türkmenabat bölümi tamamlanar.

Durmuş infrastruktura babatynda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 4620 orunlyk umumybilim edaralary we 2000 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary gurmak meýilleşdirilýär.