Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda düýeguşuň derisinden täze önümleriň çykarylmagyna garaşylýar

568
·
20 Mart. 12:18

Çeşme

Türkmenistanda maldarçylyk pudagynda täze bir ugur ösýär – düýeguşuň derisinden ýokary hilli önümleri öndürmek maksady bilen Afrika düýeguşlary köpeldilýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

Ýurduň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide öz önümlerini hödürlän “Düýeguş” maldarçylyk hojalygy bu geljegi uly ugruň mümkinçiligini görkezýär.

Bu guşuň derisi ýokary hilli önümleri döretmek üçin ideal materialdyr. Häzirki wagtda bu maldarçylyk hojalygyň işgärleri krokodiliň we piliň derisi bilen bäs gelýän düýeguşuň derisinden gapjyk, torba, başgap, aýakgap, penjek, kitap daşlyklary ýaly önümleri öndürmegiň üstünde işleýärler. Deriniň hili ýokary derejede bolar we ol gurluşy boýunça maýyşgak, ýumşak we mäkämdir.