Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Hytaýdaky çöl ägirt uly gün energiýa bekedine öwrülýär

14.121k
·
08 Ýan. 13:11

Hytaýyň özbaşdak welaýaty bolan Içerki Mongoliýanyň Kuzupçi çölünde dünýäniň iň uly gün energiýa bekedini gurmak baradaky ägirt uly taslama durmuşa geçirilýär. Bir wagtlar yns-jynssyz bu çägeli ýer kem-kemden köp mukdarda arassa energiýa öndürip bilýän gün panelleriniň deňzine öwrülýär.

“Beýik Gün diwary” diýlip atlandyrylýan bu taslama Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir. 2030-njy ýylda meýilleşdirilýän gurluşyk tamamlanandan soň, bu energiýa bekedi 400 kilometre barabar meýdany tutup, diňe Pekin şäherini däl, eýsem ýurduň beýleki sebitlerini hem elektrik energiýa bilen üpjün edip biler.

Bu megataslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin Kuzupçi çölüniň saýlanylmagyna birnäçe sebäp bar. Ilki bilen, bu ýerdäki howa ýylboýy güneşli bolýar. Bu bolsa gün panelleri üçin amatly. Ikinjiden, çölüň tekiz üsti köp sanly paneli gurmagy aňsatlaşdyrýar. Ahyryndan bolsa, çölüň senagat merkezleriniň golaýynda ýerleşmegi, öndürilen elektrik energiýasyny üpjün etmegi has tygşytly bolmagyny şertlendirýär.

Taslama dünýädäki iň uly gün energiýa beketleriniň biridir hem-de Hytaýy arassa energiýa bilen üpjün eder we gazylyp alynýan ýangyçlara garaşlylygyny peselder. Şeýle hem, ol howanyň üýtgemegine garşy göreşe öz goşandyny goşýar we Hytaýyň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy ornuny güýçlendirýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok