Screen not supported
Oýun sanawy
Arkadag şäheriniň sirkinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy
Şu gün irden «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler, ol ýerde şu maslahata bagyşlanyp baýramçylyk çykyşy geçirildi.
Sirkiň meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleri çykyş etdiler.
Topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilendigi barada ýatladýarys.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ