Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň tennisçi gyzlary Bähreýnde geçirilen bäsleşikde iň gowy toparlaryň bäşligine goşuldylar

1.144k
·
25 Few. 10:44

Çeşme

Türkmen tennisçileri Bahreýniň Isa-Taun şäherinde tamamlanan ITF World Junior dünýä çempionatynyň Aziýa-Okeaniýa zolagyndaky saýlaw ýaryşyna gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy topary 18 toparyň arasynda iň gowy 5-lige girmegi başardy. Toparyň düzüminde Aşgabatly okuwçylar – Aýlar Kakabaýewa, Näzli Hudaýgulyýewa we Sähra Garahanowa bar.

Bu netije türkmen tennisçileri üçin şuňa meňzeş ýaryşlara gatnaşan ýyllaryndaky iň uly üstünlige öwrüldi. Olar bu ýaryşa şahsy tälimçileri we Türkmenistanyň milli zenanlar ýygyndysynyň kapitany Ýuri Rogusskiýniň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördüler.