Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Zehinler ligasy”: öňdebaryjylar nobatdaky ýeňişlerini gazandylar

378
·
02 Aprel. 12:20

Çeşme

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan 2009-2010-njy ýyllarda doglan futbolçylaryň gatnaşmagynda guralýan «Zehinler ligasynyň» Aşgabat sebiti boýunça 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Geçirilen duşuşyklardan soň “Altyn Täç” bilen “Kuwwatly beden” toparlary ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler. Toparlaryň ikisi-de 18 utukdan topladylar.

Duşuşyklaryň netijeleri we birinjiligiň toparlarynyň utuklar boýunça sanawy bilen federasiýanyň internet sahypasynda tanşyp bolar.

Ýaşlar birinjiliginiň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 6-7-nji aprelde geçiriler.