Screen not supported
Oýun sanawy
"Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" baradaky Rezolýusiýa 3-nji gezek kabul edildi
"Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" baradaky Rezolýusiýa Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde 3-nji gezek kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet baştutanymyza iberen gutlag hatynda belledi.
Birinji rezolýusiýa 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 185 ýurt tarapyndan goldanyldy.
Ikinji rezolýusiýa 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 ýurduň biragyzdan goldawyna eýe boldy.
Üçünji rezolýusiýa şu ýylyň 21-nji martynda kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Hatda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň bitaraplygy diňe bir ýurt üçin däl, eýsem tutuş adamzat üçin gymmatlykdyr!
Ýeri gelende aýtsak, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edildi. Bu hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ