Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar

1.937k
·
14 Mart. 11:29

Çeşme

12-nji martda Minsk şäherinde XXXII halkara kitap sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. 16-njy marta çenli Minsk şäheriniň myhmanlary we ýaşaýjylary GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň 20 ýurdunyň önümlerini görüp bilerler.

Türkmen tarapynyň sergidäki diwarlygynda milli neşir önümleri bar. Şeýle hem sergide türkmen amaly-haşam sungatynyň baý mirasyny görkezýän adaty türkmen eşikleriniň sergisi görkezilýär.

Türkmenistanyň pawilionyna gelenler kitap neşirleriniň üsti bilen ýurdumyzy has içgin öwrenmäge, medeniýetimiziň ajaýyplygyna göz ýetirermäge we halkymyzyň aň-paýhasyna düşünmäge mümkinçilik gazanarlar.