Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Google tekst boýunça wideolary döretmek üçin Vertex AI Studio gurallar toplumyny hödürledi

1.296k
·
14 Aprel. 12:13

Çeşme

Google kompaniýasy täze Vertex AI Media Studio platformasyny – emeli aň esasynda işleýän gurallar toplumyny hödürledi. Bu platforma tekst esasynda wideolary döretmäge mümkinçilik berýär.

Ulanyjynyň wideo montaž edip bilmegi ýa-da kod ýazmagy hökman däl. Suratyň döredilmeginden başlap, ses bermek we sazly ahyrky wideonyň taýýarlanylmagyna çenli ähli iş bir interfeýsde ýerine ýetirilýär. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär.

Platforma diňe tehniki hünärmenler üçin niýetlenen däldir. Onuň interfeýsi wideo montažy bilen öň asla meşgullanmadyk adamlara hem düşnüklidir.

Google şeýle gurallaryň peýda bolmagy bilen, awtorlyk hukugy we etika baradaky soraglaryň ýüze çykyp biljekdigine gowy düşünýär. Emma kompaniýanyň pikirine görä, mazmun döretmek üçin amatly we tiz çözgütlere bolan isleg aýratyn-da wideolar bilen professional derejede meşgullanmaýan ulanyjylaryň arasynda yzygiderli artýar.