Screen not supported
Oýun sanawy
“Apple” kompaniýasy “iPhone 16e” smartfony hödürledi
“Apple” kompaniýasy adaty “iPhone 16” smartfonyna garanyňda has amatly enjam bolan täze “iPhone 16e” hödürledi. Bahasy 599 ABŞ dollardan başlaýan bu smartfon 2022-nji ýylda çykan 430 dollar bahaly “iPhone SE”-niň ornuny tutýar.
“IPhone 16e” “iPhone 14”-e meňzeýär. Enjamyň “iPhone 11”-iň çipinden 80% çalt täze A18 çipi bar. “Apple” kompaniýasy tarapyndan döredilen C1 modemi çalt we ygtybarly 5G ulgamyny üpjün edýär.
48 megapiksel kamera ýokary hilli surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Batareýanyň zarýad saklaýşy ep-esli ýokarlandy - indi 26 sagada çenli üznüksiz wideo görüp bolýar.
“IPhone 16e” üçin deslapky sargytlar 21-nji fewralda başlar we 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda dükanlara çykar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ