Screen not supported
Oýun sanawy
Täze “ChatGPT” modeli hemmeler üçin mugt bolar
“ChatGPT” çat-boty üçin “OpenAI” kompaniýasynyň täze “GPT-5” emeli aň modeli ähli ulanyjylar üçin mugt bolar diýip, kompaniýanyň baş direktory Sem Altman mälim etdi. Bu barada Mail.ru ýazýar.
Altmanyň aýtmagyna görä, emeli aňyň adaty derejesindäki “ChatGPT” çäklendirmeleri göz öňüne tutmak bilen ähli ulanyjylar üçin mugt bolar. Şunda GPT-5 söhbetdeşligine çäksiz girip bolar. Mundan başga-da, “Plus” görnüşiniň müşderileri has ýokary derejeli emeli aňda işleýän GPT-5 hyzmatyndan peýdalanar, “Pro” görnüşiniň müşderilerine bolsa iň ýokary derejeli emeli aňda işleýän GPT-5 hyzmaty üpjün ediler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ