Screen not supported
Oýun sanawy
Emeli aň wiruslaryň häsiýetlerini öwrenip, olary öýjüklere derman ýetirmek üçin täze usul döretmekde kömek edýär
Günorta Koreýaly alymlar topary wiruslaryň häsiýetlerini gaýtalamak üçin emeli aň ulanmak arkaly usuly işläp taýýarladylar. Bu usul dermanlary göni ýagdaýda bedeniň öýjüklerine ýetirmegiň täze mümkinçilikleri döretmäge kömek edip biler. Bu barada maglumat Nature žurnalynda çap edildi.
Wiruslar genetiki maglumatlaryny aýratyn örtükler bilen gurşap almak arkaly, olaryň janly organizmlaryň öýjüklerine girip bilmek mümkinçiligini döredýär. Alymlar wirus häsiýetleriniň dermanlary öýjüklere ýetirmek üçin ulanylyp biljekdigi barada pikiri öňe sürüp, olar dürli kesellere öz täsirini ýetirip biljekdigine ynanýarlar.
Şeýle-de bolsa, bir mesele galýardy. Ilkinji gezek şu maksat bilen işlenip taýýarlanan wirus görnüşindäki öýjükler, ähtimal ýagdaýlarda, degişli derejede derman ýetirip bilmedi. Şondan soň alymlar, wirus örtüklerini has çylşyrymly we täsirli etmek üçin emeli aňy ulanmak baradaky karara geldiler.
Neýroulgam arkaly olar has çylşyrymly düzümi bolan wiruslary döretmegiň ýoluny tapdylar. Barlaglar belli bir simmetrik (ikosaedrik) şekilde döredilen wiruslaryň genetiki materialy üç esse täsirli ýagdaýda dermany öýjüklere ýetirip biljekdigini görkezdi. Bu bolsa dermanlaryň bedene has täsirli ýetirilmegini ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar.
Umuman, täze emeli aň esasyndaky tehnologiýa alymlara lukmançylyk pudagy üçin peýdaly bolup biljek, mysal üçin, dermanlary gönimel hassanyň beden öýjüklerine takyk ýetirmek üçin emeli beloklary taýýarlamak we ýygnamak üçin ýardam berýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ