Screen not supported
Oýun sanawy
Aşgabatda zenan eşikleriniň baýramçylyk görkezilişi geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky Modeller öýünde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan öwüşginli çärelere baý dabaraly görkeziliş geçirildi.
Çäräniň esasy wakasy zenan eşikleriniň görkezilişi boldy. Modeller öýüniň bezegçileri we modelýerleri tarapyndan hödürlenen iň döwrebap we häzirki zaman köýnekler nepisligiň hakyky dabarasyna öwrüldi.
Gözellik dünýäsiniň zenanlary diňe bir eşikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem häzirki zaman nusgasynda milli türkmen eşiginiň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň we innowasion ugurlarynyň sazlaşygyny janlandyrdylar. Bu barada "Нейтральный Туркменистан" gazetinde habar berilýär.
Bu dabaranyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi çykyş etdiler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ