Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň raýatlary Russiýa we Belarus döwletlerine bir wiza bilen syýahat edip bilerler

6.313k
·
11 Ýan. 09:38

2025-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan Russiýa bilen Belarusyň wizalary özara ykrar etmek baradaky ylalaşygy güýje girýär. Resminama görä, Türkmenistanyň raýatlary bu döwletleriň birinden wiza alan halatynda, şol wiza bilen iki ýurduň çägine girip, çykyp, galyp we tranzit geçip bilerler diýip, BELTA habar berýär.

Bu bolsa, Türkmenistandan bolan bir raýatyň Belarus wizasy bilen Russiýa hem goşmaça rugsatnamasyz baryp biljekdigini aňladýar. Şonuň ýaly-da, Russiýa wiza bilen Belarus çägine-de girip bolar.

Ýurtlaryň arasyndaky serhetden halkara geçelgeleri, ýörite kesgitlenen alty ýol ugry, demir ýol we howa aragatnaşygy arkaly geçip bolýar.

Şol bir wagtda, her ýurt öz çäginde daşary ýurt raýatlarynyň galmagyny çäklendirmek, serhede girmegi ret etmek we galmagyň düzgünlerini berjaý edýändigini barlamak hukugyny saklap galýar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok