Screen not supported
Oýun sanawy
Hindi filmleriň rowaýata öwrülen sazlary Aşgabat şäherinde ýaňlandy
Hindi filmleriň rowaýata öwrülen sazlary Aşgabat şäheriniň Mukamlar köşgünde guralan hindi diasporasynyň gününe hem-de aktýor we režissýor Raj Kapuryň 100 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly çäräniň dowamynda ýaňlandy.
Hindi kinematografiýasynyň bu zehinli aktýory Bolliwudyň esaslandyryjysy hasaplanýar. Ol 80-den gowrak çeper film, öz kinostudiýasyny döretdi we öz watanynyň ähli baýraklaryny gazandy. Ol hatda häzirki döwürde hem baýraklara mynasyp bolýar. Şu günki konsert hindi filmleriň muşdaklarynyň hemmesi üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.
Tomaşaçylar özlerini hindi çeper gilmleriň jadyly dünýäsine gelen kimin duýýarlar. Ähli tomaşaçylara mälim bolan sazlary Resul Klyçewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirdi. Halypa we onuň orkestri “Sergezdan”, “Jenap 420”, “Meniň adym masgarabaz” we başga-da köp sanly meşhur hindi filmleriň kompozisiýalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Her nota, her owaz bu ýere gelenleriň ählisini Hindistanyň medeniýeti bilen ýene-de bir ýola tanyşdyrdy.
Hindi diasporasynyň gününe we Raj Kapura bagyşlanan konsert Aşgabadyň medeni durmuşynda täsirli waka öwrüldi. Ol aýdym-sazyň we filmiň dürli milletleri birleşdirýän ähliumumy dillerdigini ýene bir gezek subut etdi.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ