Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň maslahatynda çykyş etdi

1.773k
·
07 Aprel. 07:33

Çeşme

6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasynyň “Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketi” atly maslahatyna gatnaşdylar. Bu maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş etdi diýip, milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahatyň dowamynda D.Gulmanowa Durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmaga, netijeli meýdança bolup durýandygyny, şeýle hem Parlamentara gatnaşyklaryň dünýa döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigini nygtady.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Bileleşigiň wekillerini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.