Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistan Eýran bilen serhetde täze söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi

814
·
21 Maý. 09:25

Maý aýynyň 19–20-si aralygynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň dowamynda türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu teklip, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde beýan edildi. Şeýle başlangyç Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ep-esli güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Serhetüsti söwda zolaklary meselesinden başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, transport-logistika, gaz pudagy, senagat, oba we suw hojalygy, şeýle hem maýa goýum we standartlaşdyrma ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda taraplar öňki duşuşykda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi boýunça seljerme geçirdiler hem-de bu hökümetara mehanizmiň öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmedäki ähmiýetini bellediler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Tährana saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi we Nebit ministri Mohsen Pahnejad bilen hem aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ