Screen not supported
Oýun sanawy
13-nji nesil Toyota Corolla ulagy barada täze maglumatlar peýda boldy
Toyota 2026-njy ýylda Corolla-nyň 13-nji neslini çykarmaga taýýarlanýar. Täze ulag ýiti daşky görnüşi we kuwwatly GR wersiýasy bilen haýran galdyrar diýip, Carscoops habar berýär.
Ulaglaryň bezegi “Prius”, “C-HR” we “Camry” kysymlaryna esaslanyp işlenildi: ýiti çyzyklar, LED faraly T görnüşli öň bölegi we inçe yzky çyralar. Şeýle-de, uzaldylan yzky gapylar we täze bamper bu görnüşiň üstüni ýetirýär.
Interýer Prius ulagyndan sanly paneli we Apple CarPlay, Android Auto funksiýalary we emeli intellektiň esasynda ses dolandyryşy bolan 12,3 dýuýmlyk multimedia ekranyny, şeýle-de panorama üçegini, giň bagaž ýerini alar.
Hereketlendiriji hatarynda üç görnüşde 1,5 litrlik hereketlendiriji bolar:
128 at güýjüni berýän atmosfera hereketlendirijisi;
178 at güýjüni berýän turbo;
Kämilleşdirilen zarýad alyş bilen gibrid (HEV).
Birikdirilýän gibrid (PHEV) iki elektrik hereketlendirijisine eýe bolar. GR Corolla 300 at güýjündäki 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi ýa-da 400 at güýjündäki täze 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Mehanika hatarda galar, ýöne awtomaty hem goşmak göz öňünde tutulýar.
Adaty kuzowlar – sedan, hetçbek we uniwersal Touring saklanar. Soňkusy kross-wersiýada ýa-da Ýaponiýa üçin GR eksklýuziw hökmünde çykyp biler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ