Screen not supported


scope

Oýun sanawy



“Google” kompaniýasynyň emeli intellekti alymlaryň 10 ýyllap kelle döwen meselesini iki günde çözüp berdi

660
·
20 Mart. 12:53

Çeşme

“Google”-yň emeli intellekti alymlaryň on ýyl üstünde işlän ylmy meselesini iki günde çözdi diýip, The Independent neşiri habar berýär.

Londonyň Imperiýa kollejiniň barlagçylary emeli aňdan superbakteriýalaryň antibiotiklere garşylygy meselesini öwrenmegi haýyş etdiler. Model maglumatlary seljerdi we alymlaryň üstünde köp ýyllar işläp alan netijelerini hem öz içine almak bilen birlikde,  birnäçe mümkin bolan çözgütleri teklip etdi.

Alymlaryň sözlerine görä, şular ýaly tehnologiýa barlaglaryň ahyrky netijesiniň petige diremeginden gaça durmaga we çylşyrymly meseleler boýunça işleri çaltlaşdyrmaga kömek eder. Şol bir wagtyň özünde, AI-niň gipotezalary tassyklamak üçin zerur bolan laboratoriýa synaglarynyň ornuny tutup bilmejekdigini  bellediler.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ