Screen not supported
Oýun sanawy
UEFA penalti urgularynyň düzgünlerini üýtgetmegi ara alyp maslahatlaşar
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirmegiň düzgünlerine üýtgeşme girizmek meselesini ara alyp maslahatlaşar. Täze düzgün esasan urgyny ýerine ýetirýän oýunçynyň topa tötänleýin iki gezek degmegi bilen bagly bolar.
"Atletiko" klubynyň hüjümçisi Hulian Alwaresiň Çempionlar Ligasynnyň 1/8 finalynyň "Real" bilen jogap duşuşygynda (1:0, penaltiler – 2:4) penalti urgusy bilen geçiren goly hasaba alynmady. Munuň sebäbi – oýunçy süýşüp, urgyny ýerine ýetirmekden ozal onuň ikinji aýagy topa degdi. Baş emin “VAR” arkaly bu ýagdaýa göz ýetirenden soň goly hasaba almazlyk kararyna geldi.
— "Atletiko" bu ýagdaý boýunça UEFA ýüz tutdy, sebäbi Hulian Alwares Madridiň "Realy" bilen geçirilen duşuşygyň ahyrynda penalti urgusynda gol geçirse-de, onuň urgydan öň topa beýleki aýagy bilen azajyk degendigi ýüze çykaryldy. Häzirki düzgünlere görä, bu ýagdaýy “VAR” arkaly täzeden görüp, goly ýatyrmaly. UEFA bu düzgüniň täzeden gözden geçirilmeginiň zerurdygyny kesgitlemek üçin FIFA we IFAB bilen gepleşik geçirer – diýlip, UEFA-nyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ