Screen not supported


scope

Oýun sanawy



4-nji fewralda bir günde bäş sany äleme uçuş meýilleşdirilýär

19.515k
·
04 Few. 10:33

2025-nji ýylyň 4-nji fewraly älemi öwreniş pudagynda taryhy waka bolup biler: bir günde bäş sany raketa uçurylýar! Bu dünýä kosmonawtikasy üçin rekord.

Ilkinji uçuş “Starlink” interneti üçin hemralary äleme alyp gidjek “Falcon 9” raketasy “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan geçiriler. Soňra “Blue Origin” kompaniýasy agramsyzlyk şertlerinde synag geçirjek 30 sany ylmy gural alyp barýan “New Shepard” raketasyny äleme iberer.

Ondan soň Täze Zelandiýanyň “Rocket Lab” atly kompaniýa fransuz “Kineis” kompaniýasy üçin bäş hemra alyp gitjek “Electron” raketasyny iberer. Agşam bolsa “SpaceX” Ýere syn edýän iki hemra äleme iberip, öz ikinji uçuşyny amala aşyrar.

Iň soňky uçuş - Russiýada. “Soýuz” raketasy Plesetsk kosmodromyndan gizlin hemra iberer.

Howa ýa-da tehniki kynçylyklar sebäpli gijikdirmeler bolup bilse-de, bu taryhy gün bolup biler.