Screen not supported
Oýun sanawy
AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finaly: "Arkadag" "Ist Bengal" toparyny utdy
Şu gün, 2025-nji ýylyň 5-nji martynda, Kalkuttada AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji oýny bolup geçdi. Onda Hindistanyň "Ist Bengal" topary bilen Türkmenistanyň "Arkadag" kluby duşuşdy.
Duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
30-njy minutda Ýazgylyç Gurbanow garşydaş derwezewanyň ýalňyşlygyny peýdalanyp, oýnuň ýeke-täk goluny geçirdi.
"Ist Bengal" hasaby deňlemek üçin birnäçe howply pursat döretdi, emma "Arkadag" klubynyň derwezewany hem-de goragçylary garşydaşa gol geçirmäge mümkinçilik bermedi.
Jogap duşuşygy 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Arkadag şäheriniň täze stadionynda geçiriler. Bu stadion ilkinji gezek halkara futbol duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolar.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ