Screen not supported
Oýun sanawy
Arkadag şäherinde "Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi" atly halkara maslahat geçirildi
Şu gün, 2025-nji ýylyň 29-njy martynda, Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Forum Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralyp, gaznanyň 4 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň HHM-i habar berýär.
Maslahata daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara ynsanperwer we jemgyýetçilik guramalar gatnaşdylar. Onuň dowamynda saglygy goraýyş, lukmançylyk kömegi, çagalaryň we ýetginjekleriň bilim almagy, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.
Bu forum, BMG tarapyndan yglan edilen Halkara Parahatçylyk we Ynanyş ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň bir bölegi bolup, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirildi.
Maslahatyň jemleri boýunça, çagalaryň abadançylygynyň we hukuklarynyň goragyny üpjün etmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtap geçýän jemleýji resminama kabul edildi.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ