Screen not supported
Oýun sanawy
Halkara zenanlar güni mynasybetli Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçirildi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurduň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk konsertine ýurduň ähli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar bar. Şeýle hem konserte Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri hormatly myhman hökmünde tomaşa etdiler.
Türkmenistanyň sungat ussatlary baýramçylyk sahnasynda gelin-gyzlara öz döreden eserlerini sowgat etdiler.
KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ
TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ