Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Dünýäde iň güýçli smartfon aýan edildi

15.315k
·
06 Few. 10:23

“AnTuTu” goşundysynyň işläp taýýarlaýjylary şu ýylyň ýanwar aýy üçin dünýäniň iň güýçli smartfonlarynyň täze reýtingini çap etdiler. Birinji orny “MediaTek Dimenisty 9400” ulgamynda işleýän “Vivo X200 Pro” atly smartfon eýeledi. Ikinji we üçünji orunlary “Snapdragon 8 Elite” prosessorly “OnePlus Ace5 Pro” we “Red Magic 10 Pro+” smartfonlaryna berildi.

“Vivo X200 Pro” smartfonyň esasy kamerasynyň bir bölegi hökmünde 200 megapiksel datçigi bolan “Zeiss” kamerasyny, 90 Watt kuwwatlykda zarýad alýan sagatda 6000 milliamperlik batareýany, 16 Gb RAM we 512 Gb fleş ýadyny öz içine alýar. Enjam IP68/IP69 standartlaryna laýyk goragy bar.