Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Bagşylar wäşilere garşy: Türkmenistanda ýaýdan ok atmak ýaryşy geçiriler

1.687k
·
25 Mart. 11:13

Çeşme

2025-nji ýylyň 26-njy martynda Aşgabatda “Şowly oklar” atly ýaýdan ok atmak ýaryşy geçiriler, oňa Türkmenistanyň meşhur bagşylary we wäşileri gatnaşar. Bu çäre, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy tarapyndan gurnalýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljek bu ýaryş sportuň şu görnüşini ilatyň arasynda ýaýratmak, döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek maksady bilen geçiriler.

Bäsleşik birnäçe tapgyrda geçiriler: 5 metr aralykdan atyş, 10 metr aralykdan göwrümli nyşanalara atyş we final. 10 gatnaşyjynyň topary diňe bir döredijilik zehinini däl, eýsem sport höwesini hem görkezip, takyklyk boýunça bäsleşer.