Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanly ýaş pianinoçynyň ilkinji ýeňişi

29.414k
·
11 Ýan. 09:04

Ýakynda “Gyş ertekisi” atly X halkara çagalar bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Ony gurnaýjy Moskwa şäherindäki “Zehinleriň mozaikasy” atly çagalaryň döredijilik ösüş merkezidir.

Şu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistandan ýaşajyk pianinoçy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 3-nji synp okuwçysy Akmelek Nuryýewa hem bar. Ol "7-8 ýaş" toparynda "Solo fortepiano" kategoriýasyna gatnaşdy.

Akmelek meşhur nemes nusgawy kompozitory I. S. Bahyň we XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başynda ýaşan polýak kompozitory G. Pahulskiniň eserlerini ýerine ýetirdi. Akmelek Nuryýewa iki diplom berildi: 2-nji derejeli laureat diplomy (G. Pahulskiniň "Arzuwlar" pýesasyny ýerine ýetireni üçin) we 3-nji derejeli laureat diplomy (I. S. Bahyň "Kiçijik prelýudiýa" d-moll bilen çykyşy üçin).

Mundan başga-da, görnükli rus pianinoçy mugallymlaryny öz içine alýan ýokary derejeli professional emin agzalary ajaýyp mugallym, ussat halypa – Ida Grigoriýewna Osipowanyň işine ýokary baha berdi we oňa “Pedagogiki ussatlygy, çagalaryň we ýaşlaryň döredijiligi ösdürmekde we taýýarlamakda, şol sanda Nuryýewa Akmelegi “Gyş ertekisi” atly X halkara bäsleşigine taýýarlamakda goşan goşandy üçin” minnetdarlyk hatyny gowşurdy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok