Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmen çapyksuwarlary Monakodaky festiwalynyň tomaşaçylaryny haýrana goýdy

14.410k
·
19 Ýan. 10:44

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dünýäni ýene-de haýran galdyrdy! Behişdi ahalteke bedewleri bilen çykyşlary ýerine ýetirýän ussatlar 17-nji ýanwarda Monakoda başlan 47-nji Halkara sirk festiwalynda çykyş etdiler.

 

2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» topary üçin bu ilkinji üstünlik däldir. 2013-nji ýylda olar Moskwada geçirilen Dünýä sirk sungaty festiwalynda "Altyn idol" baýragyny gazanyp, dünýä derejesinde ilkinji gezek uly abraýa eýe boldular. Soňra bolsa yzygiderli şanly ýeňişleri gazandylar! Toparyň çykyşlary Italiýa, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa ýaly ýurtlarda abraýly baýraklara mynasyp boldy.

 

Indi bolsa, dünýäde iň abraýly sirk festiwallarynyň biri bolan Monakonyň festiwalyndaky üstünlik olaryň taryhyndaky nobatdaky belent sepgit boldy. «Galkynyş» topary bu ýerde ahalteke bedewleriniň näme üçin Türkmenistanyň buýsanjy ýene bir gezek subut etdi.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ