Screen not supported


scope

Oýun sanawy



Türkmenistanda SMS bäsleşigi arkaly «Aýyň türgeni» kesgitlener

387
·
25 Few. 14:37

Çeşme

Türkmenistanda täze taslama - SMS bäsleşigi arkaly «Aýyň türgenini» kesgitlemek başlandy. Bu barada Türkmenistanyň HHM-i habar berýär.

“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda bu bäsleşik barada telegepleşik ýaýlyma goýberler. Bäsleşigiň ilkinji aýynda halkara ýaryşlarda iň gowy netijeleri görkezen ýedi sany türgen gatnaşar.

Türgenlere aýratynlykda tertip belgileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisi diňe tomaşaçylaryň beren SMS sesleriniň netijesinde saýlanar. Bäsleşigiň netijeleri onlaýn usulynda turkmentv.gov.tm resmi web saýty arkaly tomaşaçylar üçin elýeterli bolar.

Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşurylar hem-de ol barada ýörite telefilm taýýarlanar.

Ses bermek üçin 0518 belgä aşakdaky türgenlere degişli diňe san belgisini ýazyp ibermek ýeterlik.

Şahzadbek Matýakubow – 7

Sabina Kadyrowa – 8

Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9

Guwanç Hemraýew – 10

Maýsa Pardaýewa – 11

Amanmuhammet Hommadow – 12

Gülnabat Ýazylowa – 13



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ